Okuw prosesi
Сайт: | Заочная Библейская школа |
Курс: | Заочная Библейская школа |
Книга: | Okuw prosesi |
Напечатано:: | |
Дата: | воскресенье, 13 апреля 2025, 22:02 |
Описание
Okuw prosesi
Mähriban talyplar!
Rebbimiz Isa Mesihiň söýgüsi bilen sizi garşy alýarys!
Mudi Injil institutynyň adyndan sizi Injil missiýasy Internet-mekdebinde sapaklaryň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin.
Mudi Injil instituty Isa Mesihe bolan gullugy bilen, öz Ýygnagynyň öňünde jogapkärçiligi bilen, Mukaddes Kitaby öwrenmekde adamlara kömek etmekde meşhurdyr. Öz öňünde şeýle maksatlary goýýan Injil missiýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize biz aýratyn şatdyrys. Bilelikde biz sizi Hudaýy Öz Sözi arkaly çuňňur tanamaklyga ugrukdyrmak isleýäris.
Şeýle mekdebi açmaklyk diňe biziň işgärlerimiziň däl, eýsem başga-da köp adamlaryň doga-dilegleri bilen mümkin boldy, şeýle hem bu gullugy pul kömegi bilen goldaýanlaryň goşandy boldy. Biz bu okuw size beýik ýalkanyş getirer diýip umyt edýäris.
Mesihiň söýgisi bilen
Jozef M. Stouel,
Mudi Injil institiutynyň prezidenti
Eziz talyplar!
Iň bir ýeke-täk kitaby – Mukaddes Kitaby öwrenmeklik – aýratyn artykmaçlykdyr. Ýeke-täk – sebäbi Hudaý munda adam baradaky Öz isleglerini we pikirlerini açýar. Artykmaçlyk – sebäbi beýle mümkinçilik hemmelere berilmedik. Okamaga isleg bildirmek bilen siz dogry saýlaw etdiňiz. Injil missiýasynyň işgärleri Hudaýyň Sözüni öwrenmekde siziň kämilleşmegiňizi, Hudaýy tanamakda ösmegiňizi, Hoş Habary başgalara pespällik we öz islegiňiz bilen ýetirmegiňizi dileg edýäris.
Okuw materiallary bilen üpjün edendigi üçin Çikagodaky Mudi Injil institutyna, şeýle hem bu material siziň üçin elýeter bolmagyna öz goşandyny goşanlar üçin öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Öz Sözüni öwrenmekde, goý, Hudaý sizi ýalkasyn.
Sizi çyn ýürekden hormatlamak bilen
Paul Hagelgans
© by The Moody Bible Institute of Chicago
© русского издания: Библейская миссия
Bibel-Mission e.V., Postfach 1130, 63842 Niedernberg, Germany
Ähli kurslaryň sanawy
Modullaryň atlary | Kurslaryň atlary |
Esasy ynamlary | Mesihi ynamynda ilkinji ädimler |
Injil taglymatlary | |
Hoş Habar | |
Mukaddes Kitap aýdýar | |
Mesihiň durmuşy we Onuň Ýygnaklary | Isa Mesihiň durmuşy |
Mattanyň Hoş Habary | |
Ýahýanyň Hoş Habary | |
Resullaryň işleri | |
Ylham kitaby | |
Mesihiçilik durmuşy | Mukaddes durmuş |
Seniň durmuşyň üçin Hudaýyň islegi | |
Şowly sapaklaryň düzgünleri | |
Netijeli okamak | |
Okuwçylara nähili düşünmeli | |
Kultlar | |
Injile giriş | Köne Ähte syn. 1-bölüm |
Köne Ähte syn. 2-bölüm | |
Täze Ähte syn. 3-bölüm | |
Injil pygamberligi | |
Köne Äht kitaplary | Gelip çykyş |
Müsürden çykyş | |
Ýeşuwa | |
Ysraýyl serdarlary we Rut | |
Zebur | |
Süleýmanyň pähimleri | |
Işaýa | |
Daniýeliň kitaby | |
Täze Äht hatlary | Ýakubyň haty |
Petrusyň haty | |
Rimlilere hat | |
1 Korintoslylara hat | |
Galatýalylara hat | |
Efeslilere hat | |
Selaniklilere hat | |
Ýewreýlere hat | |
Tehniki şertler
Internet üsti bilen biziň mekdebimizde okamak üçin Internede üznüksiz bagly bolmagy zerurdyr. Tizlikde baglamak hökmany däl, sapaklar kitap görnüşinde döredilen. Sistemalaýyn platformasynda giriş üçin wideo-sapaklar bar, şeýle hem käbir kurslarda seretmek üçin wideomateriallar bar.
Аdministratiw kurslar
Biziň Gaýybana Injil mekdebimizde Mukaddes Kitaby öwrenmek isleýän her bir adam okap biler: ybadathana gullukçylary, mesihi ýaş ýolbaşçylar, köp stažly mesihiler we Mesihe täze gelenler, şeýle hem Hudaýy agtarýan adamlar. Okamak isleýänleriň her bir saýtda hasaba alynmalydyrlar, soňra öz isleýän aýratyn kursuna bellenmelidirler. Hasaba alyş meýdançada hökmany doldurmaly ýer bar – olar “gyzyl ýyldyzjyk” bilen görkezilen “ - *.
Biziň saýtymyzda hasaba alynmak bilen öz şahsy ulanmakdan daşary biziň materiallarymyzy ulanmaklyga razylyk berýärsiňiz. Awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy administratiw gözegçiligi tarapyndan jenaýat we raýat jogapkärçiligine çekilýär. Injil kurslaryny ulanmaklyk Mudi Injil institutynyň Injil missiýasy tarapyndan berlen (Moody Bible Institute, USA).
Mekdebiň düzgünleri
Talyplar borçly:
- Mekdebiň häzirki düzgünlerini saklamak;
- Beýleki talyplaryň garaýyşlaryna we pikirlerine hormat goýmak;
- Daş-töweregiňizdäkiler bilen özüňi Mesihiň göreldesinde alyp barmak;
- Başlan kursyňy üç aýyň dowamynda tamamlamaly.
Talyplara gadagan edilýär:
- Gepleşikde ýa-da kursa gatnaşýan beýlekiler bilen gepleşeniňde göwnüňe degýän ýa-da paýyş sözleri ulanmak;
- Awtorlyk hukugyny bozmak, kursyň materiallaryny bikanun ýaýratmak ýa-da üýtgetmek;
Bu düzgünleri bozan talyplara duýduryş berilýär ýa-da mekdepden çykarylýar.
Talyp 60 günüň dowamynda okuwda aktiwlik görkezmese duýdurylmazdan okuwdan çykarylýar.
Okuwyň bahasy
Gaýybana Injil mekdebindäki hyzmatlar köp pul çykdaýjysyny talap edýär. Häzirki wagtda mekdepde okuwlar meýletin sadaka berýänleriň hasabyna amala aşyrylýar, bu bolsa okamak isleýän her bir adama mümkinçilik berýär. Injil missiýasynyň bir kursyny okamak üçin her bir talybyň okuw tölegi ortaça 30 ýewro durýar.
Biz pul kömegini berjek her bir adama öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Kursy öwrenmegiň wagty
Sapagy öwrenmek üçin ortaça bir hepde gerek bolýar. Biz talyplary howlukdyrmaýarys, ýöne mümkin boldugyndan her sapagy içgin öwrenmäge, Mukaddes Ýazgylardan alnan tekstdäki sözleri ünsli okamaga çagyrýarys. Her hepdede näçe wagtyny okuwa sarp edip biljekdigini nazarda tutup, islendik ýagdaýda her bir talyp öz okuw grafigini özi düzýär.
Synaglary ýerine ýetirmek
Tekstli materiallardan soň her sapakda hökmany ýerine ýetirmeli synaglar ýerleşdirilen.
Bu wajyp! Synaga diňe sapagyň materiallaryny oňat bilýändigiňize we ähli soraglara jogap berip biljekdigiňize ynamyňyz bolan ýagdaýynda girişiň. Synagy ýerine ýetirýän wagtyňyz siz okuw materiallaryna seretmeli dälsiňiz.
Synagyň ähli ýumuşlaryny ýerine ýetirip bolansoň, «Hemmesini ibermek we testi tamamlamak» diýen düwmäni basyň. Şundan soň siziň ekranyňyzda synagyňyzyň netijeleri peýda bolar. Eger synagda «Esse» ýaly ýumuş bar bolsa, onda siz bahaňyzy muňa ýörite instruktoryň beren bahasyndan soň bilersiňiz.
Synag birnäçe bölümlerden ybarat bolýar:
Birinji bölüme siziň ylalaşýandygyňyz ýa-da ylalaşmaýandygyňyz baradaky tassyknamalar, ýagny «dogry» ýa-da «nädogry» diýen saýlawlar girýär.
Ikinji bölüm bir ýa-da iki jogaby bolan soraglardan düzülip, şolaryň dogry warinatyny saýlamaklyk girýär.
Üçünji bölümde soraglaryň jogabyny, ýagny iki hatarda ýerleşdirilen sözleri manysyna görä birleşdirmeli (meselem, Mukaddes Kitapdan alnan tekstiň aýatlaryny seljermek).
Dördünji bölüm tekstde galdyrylan sözleri ýa-da söz düzümlerini manysy boýunça ýerinde goýmakdan ybarat.
Bäşinji bölüm döredijilik ýumuşdan (esse) ybarat bolup, düzümi birnäçe sözlemlerden durýan gysgaça jogaby özüňiz ýazmaly.
Synaglaryň ähli ýumuşlaryny ýerine ýetirip, ony iberen badyňyza esseden beýleki ähli ýumuşlaryň netijesini kompýuteriň bahalandyrmagy bilen görüp bilersiňiz. Essäňiziň bahalaryny we belliklerini azrak soňrak, instruktoryňyz ony okap, bahalandyrandan soň görüp bilersiňiz
Talybyň işini bahalandyrmak
Kursyň umumy bahasy ähli sapakalara berlen bahanyň hasabyna berler. Kursyň minimal geçiş bahasy 69 balldan ybarat (D).
Sapagyň geçiş bahasy 61 ball (E).
Synagy bahalandyrmak awtomatik usulda bolup geçýär, şonuň üçin hem synagy tamamlan badyňyza onuň netijelerini görüp bilýärsiňiz.
Aşakada bahalaryň tablisasy berlen:
ball | baha | Обозначение |
100 - 93 | А | Iň ýagşy |
92 - 85 | В | Ýagşy |
84 - 77 | С | Kanagatlanarly |
76 - 69 | D | Ýeterlik |
68 - 61 | E | Tapawutly ýeterlik |
60 - 0 | F | Kanagatlanarsyz |