Печатать эту главуПечатать эту главу

Okuw prosesi

Mähriban talyplar!

Rebbimiz Isa Mesihiň söýgüsi bilen sizi garşy alýarys!

Mudi Injil institutynyň adyndan sizi Injil missiýasy Internet-mekdebinde sapaklaryň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin.

Mudi Injil instituty Isa Mesihe bolan gullugy bilen, öz Ýygnagynyň öňünde jogapkärçiligi bilen, Mukaddes Kitaby öwrenmekde adamlara kömek etmekde meşhurdyr. Öz öňünde şeýle maksatlary goýýan Injil missiýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize biz aýratyn şatdyrys. Bilelikde biz sizi Hudaýy Öz Sözi arkaly çuňňur tanamaklyga ugrukdyrmak isleýäris.

Şeýle mekdebi açmaklyk diňe biziň işgärlerimiziň däl, eýsem başga-da köp adamlaryň doga-dilegleri bilen mümkin boldy, şeýle hem bu gullugy pul kömegi bilen goldaýanlaryň goşandy boldy. Biz  bu okuw size beýik ýalkanyş getirer diýip umyt edýäris.

Mesihiň söýgisi bilen
Jozef M. Stouel,
Mudi Injil institiutynyň prezidenti


Eziz talyplar!

Iň bir ýeke-täk kitaby – Mukaddes Kitaby öwrenmeklik – aýratyn artykmaçlykdyr. Ýeke-täk – sebäbi Hudaý munda adam baradaky Öz isleglerini we pikirlerini açýar. Artykmaçlyk – sebäbi beýle mümkinçilik hemmelere berilmedik. Okamaga isleg bildirmek bilen siz dogry saýlaw etdiňiz. Injil missiýasynyň işgärleri Hudaýyň Sözüni öwrenmekde siziň kämilleşmegiňizi, Hudaýy tanamakda ösmegiňizi, Hoş Habary başgalara pespällik we öz islegiňiz bilen ýetirmegiňizi dileg edýäris.

Okuw materiallary bilen üpjün edendigi üçin Çikagodaky Mudi Injil institutyna, şeýle hem bu material siziň üçin elýeter bolmagyna öz goşandyny goşanlar üçin öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Öz Sözüni öwrenmekde, goý, Hudaý sizi ýalkasyn.

Sizi çyn ýürekden hormatlamak bilen
Paul Hagelgans


© by The Moody Bible Institute of Chicago
© русского издания: Библейская миссия
    Bibel-Mission e.V., Postfach 1130, 63842 Niedernberg, Germany