Печатать книгуПечатать книгу

Biz barada

Biz barada

Сайт: Заочная Библейская школа
Курс: Заочная Библейская школа
Книга: Biz barada
Напечатано::
Дата: Четверг, 28 Март 2024, 22:19

Gaýybana Injil Mekdebi barada maglumat

Gaýybana Injil Mekdebi Injil missiýasynyň proekti bolup durýar we şu maksatlar üçin gulluk edýär: ybadathanalarda kiçi toparlarda we daş-töwereklerinde mesihileriň gulluk etmekleri üçin olary okatmak we esaslandyrmak.

Gaýybana Injil Mekdebi 35 kursdan ybarat bolup, rus dilinde klassiki wariantda kitaplary hödürleýäris. Köp kurslar başga dillerde bar ýa-da terjime edilýär. Indiki maglumatlary siz «Gaýybana Injil Mekdebiniň taryhy» atly sahypadan taparsyňyz.

Mekdebiň taryhy

Soňky 20 ýylyň dowamynda Gaýybana Injil Mekdebiniň gullugy — bu imana ýol we Rebbe doly ynam bolup durýar. Gaýybana Injil Mekdebiniň esasy maksady şulardyr: Mukaddes Kitaby öwrenmek isleýänleriň her birine mümkinçilik döretmek we ony durmuşda ulanmakdyr.

1991-nji ýylda biz mekdebi ösdürmäge başlanymyzda biz munuň Hudaýyň islegidigine ynandyk. Bu bizi ruhlandyrdy we ynam ädimlerini ätmäge güýç berdi. Mudi adyndaky institutda (Çikago ş) bizde bary-ýogy bäş kurs bardy, olar hem rus dilinde könelişen wersiýalardy, başga hiç zat ýokdy. Ýöne bu kiçi zady Hudaý boldan-bol ýalkady we bu köp miwe getirdi.

1991-nji ýylda Injil missiýasynyň kiçi otagynda biz bu bäş kursy täzeden işläp neşir etdik, 1992-nji ýylyň tomsunda Alma-ata şäherinde (Gazagystan) eýýäm biziň birnäçe ýüz talyplarymyz bardy. Bir ýylyň dowamynda talyplaryň sany Bütin Garaşsyz döwletleriň territoriýasy boýunça iki müňe ýetdi. Biz 1993-nji ýylda Omskda ikinji filialy açmaga mejbur bolduk. 1993-1997 ýyllar aralygynda Gaýybana Injil Mekdebi güýçli depginde ösdi. Öňki bar bolan bäş kursyň üstüne iňlis dilinden terjime edilen ýene on kurs goşuldy. Ýene-de üç filial açyldy : 1995-njy ýylda Kiewde, 1995-nji ýylda Minskde, 1997-nji ýylda Moskwada. Indi  7000-den gowrak talyp birbada Mukaddes Kitaby öwrenmek mümkinçiligine eýe boldy. Bütin bu wagtyň dowamynda biz Hudaýyň çuňňur ýalkandygyny gördük. Hemişe maliýe pul kynçylyklaryna duçar bolmak bilen biz Hudaýyň sadyklygynyň şaýatlary bolduk, sebäbi Hudaý hemişe hut gerekli wagty dadymyza ýetişdi.

1998-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli aralykda ýene 18 sany täze kurs goşuldy. Bularyň hemmesi Mudi adyndaky institutyň hödürlänleridir.

Gaýybana Injil Mekdebiniň taryhy

1901: Çikago (Mudi Injil instituty)

1992: Almata ş (GIM kurslary rus dilinde)

1993-1997: Оmsk, Moskwa, Kiew, Minsk

2001-2003: Gyrgyzystan, Özbegistan.
Gyrgyz, gazak, täjik, özbek we garagalpak dillerine terjime edilip başlanmagy.

2004-2005: Германия (Günbatar Ýewropada GIM), Тäjigistan.

2004: «Isa Mesihiň dumuşy» kursy Internetde

2010: Türkmenistan, Моldawýa

1992 ýyldan bäri talyplaryň jemi sany: 41 000

2002-2005: halypaçylykda Hoş habary ýaýratmak we öwretmek üçin berlen köp mümkinçilikler arkaly Hudaý bizi indiki ynam ädimini ätmäge çagyrdy. Gaýybana Injil Mekdebiniň bäş kursyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diline terjime etmäge başladyk: gyrgyz, gazak, täjik, özbek we garagalpak dillerine. Soňra  2001 ýylda Gyrgyzystanda,  2003 ýylda Özbegistanda, 2004 ýylda Germaniýada (Ýewropa-da rusça gepleýänler üçin), 2005 ýylda Täjigistanda filiallar açyldy.

2004 ýyldan başlap 42 ýurduň rus dilinde gepleýän ilaty «Isa Mesihiň durmuşy» kursyny onlainda öwrenmek üçin hasaba durdy.

2006-2011: 2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanda ýene bir filial açyldy. Munda 12 kurs eýýäm türkmen dilinde hödürlenýär, ýene iki kurs taýýarlanylýar. 2010 ýylda Moldawada filial açyldy. Indi bize ondan gowrak kitap rumyn dilinde hödürlenýär. Gaýybana Injil Mekdebiniň kurslary terjime edilmegi dowam etdirilýär, häzirki wagtda 50 kursdan gowrak iş alnyp barylýar.

Bu gün biz nähili netijeleri görýäris? Azyndan 35 kursyň birini ulanmak bilen 41 000-den gowrak adam Hudaýyň Sözüni öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Kurslar dokuz dilde hödürlenýär: rus, gazak, gyrgyz, özbek, täjik, türkmen, garagalpak, rumyn, nemes(ýakyn wagtda) dillerinde. Okuw materiallary dürli gulluklar üçin ulanylýar: Hoş habarçy bolmak, halypaçylyk, okuw işgärleri, wagyz etmäge taýýarlyk, toparlarda Mukaddes Kitaby öwrenmeklik we ş.m. 30-dan gowurak milletiň adamlary, dürli kärdäki, sosial derejedäki we dürli ýaşdaky adamlar Gaýybana Injil Mekdebiniň talyplary bolup durýarlar. Garaşsyz döwletlerde we olaryň çäklerinde okuwyň anyk grafigi boýunça, özbaşdak tizlikde we geografiki ýerleşişine bagly bolmazdan Hudaýyň Sözüni öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Biz bu netijeleri Hudaýyň beýik patasy diýip hasap edýäris.

Ynam nyşany

Biz ähli Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Öz ylhamydygyna ynanýarys,  çünki Hudaý kämil, birkemsiz we ýokary, belent abraýa eýedir.

Biz üç şahsyýetde jemlenen (Ata, Ogul, Mukaddes Ruh) ýeke-täk hakyky, baky Hudaýa ynanýarys.

Biz Isa Mesihe, baky Hudaýa ynanýarys, Ol päk gyzdan dünýä inip, hakyky Ynsan bolan, ýerde günäsiz durmuşda ýaşan, Golgotda Hudaýa ýaraýan Gurbanlyk hökmünde haçda Öz janyny beren, üçülenji gün ölümden direlip, gökde täze bedene eýe bolan, häzir bolsa şöhratly Hudaý bilen ýaşaýar we biziň geljekki Töwellaçymyz. 

Biz Mukaddes Ruha ynanýarys, adamlary günäde paş edýär, hakyky imany ündeýär we olarda kämilligi döredýär. Ol Mesihiň bedeninde ýerleşýär, möhürleýär, mukaddesleýär we olarda ýaşaýar, olary aýratyn gulluga çagyrýar we iberýär.

Biz Hudaýyň adamlary Öz keşbinde ýaradandygyna ynanýarys, adam bilgeşleýin Hudaýa garşy günä etdi, şeýdip, özüne we nesillerine fiziki hem ruhy ölümi gazandy.

Biz adamlaryň öz güýji bilen halas bolup bilmeýändigine, diňe biziň günälerimiz üçin haçda ölen Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly halas bolup bilýändigimize ynanýarys. 

Biz ýerli Injil ybadathanasynyň ýakyndan gatnaşmak üçin, bilelikde Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin, bile doga-dileg we sejde etmek üçin, biri-birimizi imanda berkitmek we ýardam bermek üçin yzygider ýygnanýandygyna ynanýarys.

Biz suwa çokundyrmagyň iman arkaly halas bolmagyň nyşanydygyna ynanýarys.

Biz Rebbiň agşamynyň (çörek paýlaşmak) Isa Mesihiň halas ediş gurbanlygynyň nyşanydygyna, munuň bize Onuň çeken ejirlerini we ölümini, biziň bagyşlanandygymyzy ýatladýandygyna ynanýarys.

Biz ähli hakyky mesihileriň gökde lezzet aljakdyklaryna, Isa Mesihiň huzurynda Öz ynançlary barada hasabat berjekdiklerine we gökde öz eden işlerine görä sylag aljakdyklaryna ynanýarys.

Biz ynanmaýanlar üçin baky näletiň bardygyna, yza ýol ýokdugyna ynanýarys.