Biz barada

Ynam nyşany

Biz ähli Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Öz ylhamydygyna ynanýarys,  çünki Hudaý kämil, birkemsiz we ýokary, belent abraýa eýedir.

Biz üç şahsyýetde jemlenen (Ata, Ogul, Mukaddes Ruh) ýeke-täk hakyky, baky Hudaýa ynanýarys.

Biz Isa Mesihe, baky Hudaýa ynanýarys, Ol päk gyzdan dünýä inip, hakyky Ynsan bolan, ýerde günäsiz durmuşda ýaşan, Golgotda Hudaýa ýaraýan Gurbanlyk hökmünde haçda Öz janyny beren, üçülenji gün ölümden direlip, gökde täze bedene eýe bolan, häzir bolsa şöhratly Hudaý bilen ýaşaýar we biziň geljekki Töwellaçymyz. 

Biz Mukaddes Ruha ynanýarys, adamlary günäde paş edýär, hakyky imany ündeýär we olarda kämilligi döredýär. Ol Mesihiň bedeninde ýerleşýär, möhürleýär, mukaddesleýär we olarda ýaşaýar, olary aýratyn gulluga çagyrýar we iberýär.

Biz Hudaýyň adamlary Öz keşbinde ýaradandygyna ynanýarys, adam bilgeşleýin Hudaýa garşy günä etdi, şeýdip, özüne we nesillerine fiziki hem ruhy ölümi gazandy.

Biz adamlaryň öz güýji bilen halas bolup bilmeýändigine, diňe biziň günälerimiz üçin haçda ölen Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly halas bolup bilýändigimize ynanýarys. 

Biz ýerli Injil ybadathanasynyň ýakyndan gatnaşmak üçin, bilelikde Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin, bile doga-dileg we sejde etmek üçin, biri-birimizi imanda berkitmek we ýardam bermek üçin yzygider ýygnanýandygyna ynanýarys.

Biz suwa çokundyrmagyň iman arkaly halas bolmagyň nyşanydygyna ynanýarys.

Biz Rebbiň agşamynyň (çörek paýlaşmak) Isa Mesihiň halas ediş gurbanlygynyň nyşanydygyna, munuň bize Onuň çeken ejirlerini we ölümini, biziň bagyşlanandygymyzy ýatladýandygyna ynanýarys.

Biz ähli hakyky mesihileriň gökde lezzet aljakdyklaryna, Isa Mesihiň huzurynda Öz ynançlary barada hasabat berjekdiklerine we gökde öz eden işlerine görä sylag aljakdyklaryna ynanýarys.

Biz ynanmaýanlar üçin baky näletiň bardygyna, yza ýol ýokdugyna ynanýarys.