Hormatly talyplar!

Edil şu wagt bizde tükmençe gepleýän instruktorymyz ýok.

Şonuň üçin hem instruktoryň kömegi rus dilende boljakdygyny size habar berýäris.

 

 

Isa Mesih – taryhda iň täsin Şahsyýetdir. Onuň taglymaty millionlarça adamlaryň durmuşyny üýtgetdi. Eger siz mesihi bolsaňyz, onda Halasgäriň durmuşyny jikme-jik öwrenmeklik sizi Oňa has täsirli gulluk etmekde ruhlandyrar. Eger siz Mesihiň şägirtleriniň hasabyna heniz girmeýän bolsaňyz, onda belki Onuň durmuşy bilen tanyşmaklyk sizi möhüm karar kabul etmeklige iterer.

Bu kurs mesihilik ynamyna ilkinji ädimi ädýänler üçin, şeýle hem Isa Mesihi öz Halasgäri hökmünde eýýäm kabul edenler üçin niýetlenendir. Munda mesihilik ynamynyň esasy özenine seredilýär we Mesihiň yzyna nähili eýermelidigi barada maslahatlar berilýär. Biz hemmelere hut şu kursdan okap başlamaklygy teklip edýäris.

Gelip çykyş kitabynda – älem-jahanyň we adamyň gelip çykyşy barada, ilkinji günä we onuň dünýä ýetiren heläkçilik täsirleri barada ajaýyp beýan edilýär. Bu kitapda ilki bilen Hudaýyň halas etmek meýilnamasy barada ýatlanylýar. Kitabyň awtory Musa ýeke-täk Hudaýa – älem-jahanyň Ýaradyjysyna iman etmäge çagyrýar. Hudaýyň barlygy Mukaddes Kitapda hiç hili subutnama talap etmeýän fakt hökmünde kabul edilýär. Hudaý ähli hereketlerinde mukaddes we adalatly, şeýle hem Öz wadasyna wepaly we günäli adama rehim-şepagatly. Mukaddes Kitabyň ilkinji kitabyny öwrenmeklik size beýik ruhy ýalkanyşlar getirer, Hudaýyň huzurynda gezmekde sizi ruhlandyrar we size goltgy berer.

Kursyň beýany: Ýahýanyň Hoş Habarynyň ýazylmagynyň maksady şu sözlerde aýdyň beýan edilendir: «Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy» (Ýah 20:31). Şeýlelik bilen biz resul Ýahýanyň birbada hoş habarçy hem resullyk maksatlaryna eýerip, Mesihiň durmuşynyň beýanyny düzendigini görýäris.